Iki ýurdy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça teklipler beýan edildi.
Türkmenistan gyrgyz hyzmatdaşlaryna Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Bu baradaky teklip penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň bäşinji mejlisiniň dowamynda maslahat edildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, toparyň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda iki ýurdy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça teklipler beýan edildi.
Munuň bilen birlikde, taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ilerletmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Şeýle hem eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmäge iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.
Toparyň agzalary geljegi uly ugurlary ösdürmegiň ähmiýetini kesgitläp, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermegiň, bilelikdäki önümçiligi giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň iş alyp barmagyň möhüm şerti bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtadylar.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Kaynak:https://business.com.tm/